BIZNES

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ep-esli ýokarlandy

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 805,4 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika agentligi habar berýär.

Agentligiň maglumatlaryna esaslanýan hasaplamalara görä, bu söwda dolanyşygy 517 million dollar bolan 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 55,78 göterim ýokarlandy.

Özbegistanyň şu ýyl üçin iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda söwda dolanyşygy boýunça Türkmenistan altynjy ýerde durýar.

Maglumatlara görä, Türkmenistan Özbegistandan 78,3 million haryt import edipdir, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 33,9 göterim azdyr (118,4 million).

Özbegistana eksport 727,1 million dollara ýetdi, bu bolsa 2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlaryndaky eksport 398,6 million dollar bilen deňeşdirilende 82,41 göterim köpdür.

Related posts

Birža täzelikleri: 34 geleşik hasaba alyndy

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň önümçilik senenamasy tassyklandy

Gazagystan nebit önümçiligini 100 million tonna ýetirer

Ata Watan Eserleri