SPORT

Özbegistandaky çempionatda Braziliýa çempion boldy

Özbegistanda geirilen futzal boýunça dünýä çempionatynda Braziliýanyň ýygyndysy çempion boldy. Şeýlelikde, brazil futzalçylar 6-njy gezek dünýä çempiony bolup, uly futbolda 5 gezek dünýä çempiony bolan Braziliýanyň ýygyndysyndan öňe saýlandy.

Daşkentdäki final Günorta Amerikanyň iň güýçli ýygyndylarynyň ilkinji finaly boldy. Finalda Braziliýa bilen Argentina duşuşdy. Duşuşyk 2:1 hasabynda brazilleriň üstünligi bilen tamamlandy.

Duşuşygy FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantiony we Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow tomaşa etdi.

Related posts

Russiýanyň Tokio oýunlarynyň düzümi belli boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankulyýew WBC Eurasia çempiony boldy

Dünýä çempionaty-2022: Italiýa çempionata gatnaşyp bilmeýär