JEMGYÝET

Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasy boýunça Aşgabat duşuşygy

Paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýnen, Ýewropa Komissiýasynyň Baş direktorynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça geňeşçisi Henrik Hololeý, şeýle hem Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Gruziýanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Aziýa ösüş bankynyň, Aziýanyň infrastruktura maýa goýum bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ulag ulgamynyň täzeçil usullaryna geçilýän şertlerde ykdysady ösüşi üpjün etmek örän ähmiýetli ugurlaryň biridir. Ol halkara söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär, tebigy serişdeleri peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrýar, telekeçiligiň ösdürilmegine ýardam edýär. Hazarüsti halkara ulag geçelgesi Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan esasy ulag ugrudyr. Onuň ösdürilmegi sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ýük daşamalaryň wagtyny gysgaltmaga mümkinçilik berer.

Täze utgaşdyryjy platforma demir ýol, awtomobil, port infrastrukturasyna maýa goýumlary höweslendirer, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ulag geçelgeleriniň howpsuzlygyny, durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Bu platformanyň çäklerindäki bilelikdäki iş diňe bir ulag infrastrukturasyny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, ulag ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyny hem çaltlandyrar.

Duşuşygyň ahyrynda utgaşdyryjy platformanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Hazarüsti ulag geçelgesini mundan beýläk-de ösdürmäge we özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy