DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti «Geljegiň şäherleri» atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabryndan 1-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) tarapyndan guralan «Geljegiň şäherleri» atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy.

Türkmen tarapyna Awaza etrabynyň häkimi D.Jumaýew wekilçilik etdi. D.Jumaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň durnukly şäher ösüşi ugrundaky üstünliklerini belläp, durmuşyň hilini ýokarlandyrmaga we ilat üçin döwrebap şertleri döretmäge gönükdirilen üstünlikli taslamalar barada gürrüň berdi.

Şäher meýilnamasy we durnukly ösüş pudagynda öňdebaryjy çözgütleriň ulanylmagynyň mysaly bolan «akylly» Arkadag şäheriniň taslamasyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem dynç alyş we sagaldyş üçin döwrebap infrastruktura eýe bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti suw baýlyklaryny dolandyrmak we şäherli ýaşlaryň ösüşi boýunça halkara dialogyny başlatmagy teklip etdi. Hususan-da, UNECE-iň howandarlygynda suw baýlyklaryny dolandyrmak boýunça täze hukuk guralyny döretmek, şeýle hem Arkadag şäherinde ýaşlaryň halkara duşuşygyny geçirmek teklip edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi boýunça ulag ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

ALSA-nyň Administrasiýasy Bilen Tanyş Boluň: Dünýäniň Dürli Künjeginden Hukukçylar

Ata Watan Eserleri

Zurab Pololikaşwili: Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy Türkmenistana hemmetaraplaýyn goldaw berer

Meksikanyň ilkinji zenan Prezidenti wezipesine girişdi

Sigeru Isiba – Ýaponiýanyň 102-nji Premýer-ministri

Özbegistandaky parlament saýlawlaryna bagyşlanan brifing