JEMGYÝET

Türkmenistanda 1146 adam raýatlyga kabul edildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Ýurdumyzyň baş baýramy – Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk 1146 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, şeýle hem 134 sany daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda möhüm resminamalara gol çekildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek we ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek meseleleri boýunça hasabat berdi.

Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan we döwletimiziň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 1146 adamyň, ýagny dünýäniň 29 milletiniň wekilleriniň raýatlyga kabul edilmegi boýunça degişli işleri geçirildi. Ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 134 adamyň, ýagny dünýäniň 6 döwletiniň raýatlary we 15 milletiň wekilleri hasaba alyndy.

Mälim bolşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 30998 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem häzirki wagta çenli 5018 ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.

 

Ýene-de okaň

Prezident Ärdogan Türkmenistana geler

Aşgabatda awtobuslaryň käbiriniň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgedilýär

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi