DÜNÝÄ

Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň duşuşygyna gatnaşdy

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew gatnaşdy.

Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Kanat Bozumbaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Gazagystanyň suw serişdeleri we irrigasiýa ministri Nuržan Nuržigitow, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Ashat Orazbaý, Täjigistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Sulaýmon Ziýozoda, Özbegistanyň Prezidentiniň geňeşçisi Şuhrat Ganiýew we Gyrgyz Respublikasynyň Gazagystandaky ilçisi Dastan Dýuşekeýew gatnaşdy.

Araly halas etmegiň Halkara gaznasy 1993-nji ýylda döredildi we Merkezi Aziýanyň esasy sebitleýin guramasydyr.

Häzirki wagtda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna Gazagystan başlyklyk edýär we onuň başlyklyk möhleti 2026-njy ýyla çenli dowam edýär. Şonuň çäklerinde Gaznanyň ýerine ýetiriji komitetiniň geňeşiniň birinji ýygnagy geçirildi.

Şonda başlyklyk ediji Gazagystanyň iş meýilnamasy hödürlendi. Resminama 10 ugra gönükdirilip, şeýle hem  Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň tabşyrygy boýunça ýerine ýetirmeli 40-dan gowrak çäre göz öňünde tutulypdyr.

Şeýle hem iri 2 taslamany – sebitde 35 taslamanyň durmuşa geçirilýän Aral deňziniň kenarynda ýerleşýän döwletlere kömek bermek maksatnamasyny hem-de daşky gurşawy goramak boýunça sebit maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça pikir alşyldy.

Ýygnagyň jemleri boýunça Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň iş meýilnamasyna hem-de ýygnagyň çözgüdine gol çekildi.

Gazagystanyň hökümeti başlyk edýän döwründe Aral sebitindäki guran ýerlere sazak ekmek işine aýratyn üns bermegi meýilleşdirýär. 2025-nji ýylyň ahyrynda çenli sazak ekilen meýdanyň 1.1 million gektara ýetmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri Rumyniýada tanyşdyryldy

Russiýanyň daşary işler ministri Hazarýaka döwletleriň ilçileri bilen duşuşdy

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanda döwlet saparynda bolar

Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary hakynda

Mottaki: Owganystan TOPH gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge ygrarly

Prezident Ärdogan 14-nji gezek Baş Assambleýada çykyş eder

Ata Watan Eserleri