JEMGYÝET

Türkmenistanyň Owganystandaky maýa goýumlary 1.5 milliarddan geçdi

Düýn Daşary işler ministrliginde maýa goýum forumynyň hem-de Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk desgalaryny işe girizmek, düýbüni tutmak dabaralarynyň netijeleri boýunça brifing görnüşli halkara amaly maslahat geçirildi.

Oňa ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan brifinginde ýurdumyzda bolup geçen iri forumlaryň ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyna açykdygyny belledi.

Ministr öz çykyşynda hususan-da, türkmen-owgan serhedinde bolup geçen taryhy wakalara üns çekmek bilen Türkmenistanyň owgan halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak ugrunda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirýändigini belledi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Owganystandaky maýa goýumlarynyň 1,5 milliard dollardan gowrak bolandygyny belledi we Türkmenistanyň başlangyjy bilen alnyp barylýan uzakmöhletleýin esasda dowam etdirilýän halkara taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda ygrarlylyk görkezilýändigini belledi.

Şeýle hem brifingde çykyş eden Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarow halkara maýa goýum forumynyň netijeli geçendigini belläp, onuň dowamynda köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralandygyny we forumyň jemleri boýunça 22 ylalaşygyň gazanylandygyny belledi.

Şeýle hem Rahimberdi Jepbarow öz çykyşynda forumyň çäklerinde Aziýanyň ösüş banky,  Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Saud ösüş gaznasy ýaly iri maliýe guramalaryň wekilleri bilen bolan duşuşyklarda bu maliýe guramalarynyň Türkmenistandaky iri göwrümli taslamalary maliýeleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Çärede Hindistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri, Owganystanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili, halkara guramalarynyň we maliýe institutlaryň ýolbaşçylary hem çykyş etdiler.

Hindistanyň ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagat öz çykyşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlanmagynyň ähmiýetini belläp, maýa goýum forumynyň hem netijeli bolandygyny aýtdy.

Ol öz gezeginde Hindistanyň hem Tükrmenistandaky maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Owganystanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili, söwda geňeşçisi brifingde eden çykyşynda 11-nji sentýabryň owgan halkynyň durmuşynda taryhy waka bolandygyny belledi. Ol şol gün owgan halkynyň uzak wagtlap dowam eden arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň şaýady bolandyklaryny belledi.

Munuň üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildiren Owganystanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bu ägirt uly taslamalaryň owgan halkyna uly bähbitler getirjekdigini, diňe bir TOPH gaz geçirijisiniň Owganystan her ýyl 1 milliard dollardan gowrak girdeji, şeýle hem 12 müňden gowrak iş orny döretjekdigini uly buýsanç bilen belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Türkmenistan-Germaniýa gatnaşyklary: sanlar we maglumatlar

«Kudo Kudo» türk fastfud restorany: Aşgabatda täze şahamçasyny açdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistanda Germaniýa hödürläp boljak teklipler bar

Türkmenistanyň Prezidenti german işewürleriniň bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Liderleri we Germaniýanyň Kansleriniň bilelikdäki beýanaty