DÜNÝÄ

Özbegistanyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akmaljon Kuçkarow bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meselelere garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn türkmen-özbek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin Ilçä sagbolsun aýtdy we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde Ilçi Türkmenistanda diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde berilen hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri Rumyniýada tanyşdyryldy

Russiýanyň daşary işler ministri Hazarýaka döwletleriň ilçileri bilen duşuşdy

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanda döwlet saparynda bolar

Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary hakynda

Mottaki: Owganystan TOPH gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge ygrarly