DÜNÝÄ

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň II parlamentara forumyna gatnaşýar

Şu gün Özbegistanyň Hywa şäherinde Merkezi Aziýanyň II parlamentara forumy geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem gatnaşýar.

Merkezi Aziýanyň II parlamentara forumyny açan Özbegistanyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa foruma gatnaşmak üçin gelen Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň parlament wekiliýetlerine minnetdarlyk bildirdi.

Ol Özbegistanyň Prezidentiniň gutlag hatyny okamak bilen, sebitiň ýurtlary bilen parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini belledi.

Bu forum birnäçe ugurlarda öz işini alyp baryp, onda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, parlamentara toparlarynyň, dostluk toparlarynyň gatnaşmagyny giňeltmek, sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine ýaş parlament wekillerini we zenanlary çekmek boýunça plenar mejlisler geçirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy