JEMGYÝET

Serhetde duşuşyk: Türkmenistan bilen Owganystan möhüm taslamalara badalga berer

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottaki iki ýurduň arasyndaky serhetde duşuşdy. Owgan tarapynyň habar bermegine görä, bu duşuşyga iki ýurduň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlamak, Owganystanyň çäginde demirýol, elektrik üpjünçiligi, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyny alyp barmak baradaky taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem iki tarapyň degişli edaralarynyň bu möhüm taslamalara badalga bermek dabarasyna taýýardygy bellenilip geçildi.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Owganystanyň wekilçilikli topary Türkmenistanda saparda bolup, möhüm taslamalar boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekipdi.

Hususan-da, şol duşuşyklarda:

  • Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” döwlet kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama,
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň arasynda “Turgundy” demir ýol bekedinde guruljak desgalaryň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama,
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň arasynda gurulmagy meýilleşdirilýän Turgundy — Hyrat demir ýolunyň ugrundaky, takmynan, 22 kilometrlik Turgundy — Sanabar böleginiň iş meýilnamasy,
  • “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasy bilen Owganystanyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasy babatda kabul edýän tarapynyň Hökümeti bilen Ylalaşyk bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy