BILIM

Türkmen uniwersiteti Aziýanyň iň gowy uniwersitetleriniň biri bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2024-nji ýylyň 3-5-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G. Mezilow türkmen wekiliýetiniň düzüminde Koreýa Respublikasynda geçirilen  “akylly” şäherleriň “World Smart City Expo” atly Bütindünýä sergisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy Seulda Koreýa Respublikasynyň Sung Ken Kwan (Seonggyungwan) uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşykda ylym, bilim we tehnologiýa pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berilýär.

Koreý uniwersitetiniň rektory Ji Bom Ýu “akylly şäher” ugy boýunça ürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy we türkmen uniwersitetiniň çäginde koreý merkezini döretmegi teklip etdi.

Duşuşykda iki ýurduň uniwersitetleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekişmek mümkinçiliginiň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygyň esasy guraly bolup hyzmat etjekdigi bellenildi.

Sung Ken Kwan uniwersiteti baý mirasy we dünýä bilim jemgyýetinde ýokary orny eýeleýän Günorta Koreýanyň iň gadymy we abraýly uniwersitetlerinden biridir we 1398-nji ýylda esaslandyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmen-arap ylym-bilim hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Ýewropa Bilim gaznasy: bilim hyzmatdaşlygy ösdüriler

Aşgabatda pars şygryýeti we edebiýaty çäresi geçirildi

Türkiýe-Azerbaýjan uniwersiteti açylar

Türk uniwersitetleri dünýädäki ornuny güýçlendirýär

Türkmenistan we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň duşuşygy: bilim hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi

Ata Watan Eserleri