JEMGYÝET

“Rönesans Holding” Aşgabat üçin täze söwda merkeziniň taslamasyny taýýarlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanynda iş alyp barmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň “Rönesans Holdinge” ynanylmagy bu kompaniýa üçin uly mertebedir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holdingiň” türkmen bazaryndaky köpýyllyk netijeli işini belläp, geçen ýyllaryň dowamynda bu kompaniýanyň özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini, onuň durmuşa geçiren taslamalarynyň halkara hil standartlaryna doly laýyk gelýändigini nygtady.

“Rönesans Holding” kompaniýasynyň uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda iri taslamalary, hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz, himiýa senagaty pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

“Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderine kompaniýa ynanylan taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi hem-de Aşgabatda täze, häzirki zaman söwda merkeziniň binalar toplumyny gurmak babatda kompaniýa tarapyndan işlenip taýýarlanylan taslamalary görkezdi. Bellenilişi ýaly, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň hünärmenleri täze söwda merkeziniň gurluşygy we ony enjamlaşdyrmak baradaky degişli maglumatlary taýýarladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri meýilleşdirilen taslamalar durmuşa geçirilende, ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagynyň, ekologik kadalaryň we halkara ölçegleriň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de taslama düzüjilere, gurluşykçylara bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Türkmenistan-Germaniýa gatnaşyklary: sanlar we maglumatlar

«Kudo Kudo» türk fastfud restorany: Aşgabatda täze şahamçasyny açdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistanda Germaniýa hödürläp boljak teklipler bar

Türkmenistanyň Prezidenti german işewürleriniň bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Liderleri we Germaniýanyň Kansleriniň bilelikdäki beýanaty