DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Eýranyň gümrük gulluklary hyzmatdaşlygy berkidýärler

2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tähran şäherine bolan iş saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasyna Gümrük müdirliginiň başlyklarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Duşuşykda iki döwletiň Gümrük edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalar boldy. Özara maglumat alyşmagyň iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyna ýetirýän oňyn täsiri nazara alnyp, harytlar we ulag serişdeleri barada deslapky maglumatlaryň, gümrük statistiki maglumatlarynyň, harytlaryň bahasy barada maglumatlaryň alyşylmagy barada meselä üns berildi.

Mundan başga-da, gümrük işgärlerini taýýarlamak we okatmak, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, gümrük gözegçiliginiň tehniki serişdeleriniň, sanly gümrügiň, elektron deklarirlemäniň, maglumatlary elektron görnüşde alyşmagyň mehanizminiň ulanylyşy, şol sanda deňiz portunda işleriň guralyşy babatda tejribe alyşmak  üçin Taraplaryň wekiliýetleriniň özara iş saparlaryny guramak meselesiniň üstünde durulyp geçildi.

Şeýle hem, saparyň çäginde, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2025-2026-njy ýyllar üçin Meýilnama gol çekildi.

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak taslamasy maslahatlaşyldy

Şalwa Papuaşwili: Türkmenistan bilen ulag geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-BAE işewürler forumyny Aşgabatda geçirmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanda saýlawlara taýýarlyk işleri işjeň tapgyrda dowam edýär

Türkmenistan-Zimbabwe: syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmenistanyň üýtgeşik tebigy desgalary ÝUNESKO-nyň halkara maksatnamalaryna giriziler