Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde iş saparynda boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Rejep Bazarowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň, Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowanyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory Maýa Öküzowanyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giň gerimde uly dabaralara beslenýändigini belledi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakyndan goldaw bermeginde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynda umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasynyň geçirilmegi halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, dostlukly gatnaşyklarynyň ösdürilýändiginiň beýanydygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan welaýatynda türkmen gurluşykçylarynyň bina eden täze mekdebiniň okuwçylaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna kompýuterleriň gowşurylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Munuň özi halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň dünýä giňişliginde pugta orun eýeleýändigine güwa geçýär.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, dokma önümleri, çaga eşikleri, konditer önümleri sowgat hökmünde Täjigistan Respublikasyna berlipdi.
