SPORT

Meşhur kolumbiýaly futbolçy Ispaniýada oýnar

Madrid şäheriniň “Raýo Walekano” topary meşhur kolumbiýaly ýarymgorgaçy Hames Rodriges bilen resmi taýdan şertnama baglaşandygyny habar berdi.

– Ispan topary özüniň döredileniniň 100 ýyllygynyň bellenýän döwründe meşhur futbol bilen şertnama baglaşdy. Hames toparyň gymmatlylygyna ýokary baha berýär we uly işler bitirjekdigine ynanýar. Bu seniň öýüň, hoş geldiň Hames – diýlip, ispan topary metbugat beýanatynda habar berdi.

33 ýaşyndaky kolumbiýaly futbolçy Hames Rodriges şu ýylyň awgust aýynyň başlarynda Braziliýanyň “San-Paolo” topary bilen şertnamasyny ýatyrdy we ol Ispaniýa gaýdyp geldi. Mundan öň, Hames Ispaniýanyň güýçli topary “Real Madrid” toparynda çykyş edipdi.

Hames Rodriges şu ýylyň tomsunda Amerikanyň Kubogy ýaryşynda iň güýçli futbolçy derejesine eýe bolup, üstünlikli çykyş etdi hem-de ýene-de futbol toparlarynyň ünsüni çekdi.

Related posts

“Milan derbisi”: “Inter” 13 ýyldan soňra finala çykdy

Ata Watan Eserleri

UEFA Ýewropa ýaşlar çempionatyny ýatyrdy

“Mançester Ýunaýted” topary Kasemiro bilen gyzyklanýar

Ata Watan Eserleri