DÜNÝÄ

Türkmen-eýran bilelikdäki ýöriteleşdirilen lybaslaryň görkezilişi geçiriler

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde 27-nji awgustda sagat 16:30 -da Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda “Türkmen-eýran bilelikdäki ýöriteleşdirilen moda we lybas sergisi hem-
de hünär ussatlyk sapaklary” çäräniň açylyşyny mälim edýär.

Eýranly sungat ussadynyň gatnaşmagynda geçiriljek hünär ussatlyk sapagy bilen bilelikde, bu sergide iki ýurduň dokma senagatyna degişli kärhanalar we meşhur brendlar öz ýokary hilli önümlerini hödürlärler.

Bu sergi 29-njy awgusta çenli 3 gün dowam eder.

Bu sergä goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň zenan egin-eşik önümçiliginde iş alyp barýan kompaniýlary “Hima”, “Noura”, “Diari”, “Noral”, “Peransa”, “Unico” we “Arghavan” ýaly brendleri bilen gatnaşarlar.

Ýene-de okaň

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ösüş strategiýays ministri bilen duşuşdy

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy

Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi