DÜNÝÄ

Putin: rus-azerbaýjan uniwersitetini döretmek mümkinçiligi bar

Russiýa Federasiýasynyň Wladimir Putin Azerbaýjan Respublikasynda döwlet saparynda boldy. Bu saparyň çäklerinde birnäçe möhüm gepleşikler geçirilip, olaryň jemleri boýunça resminamalar kabul edildi.

Rus azerbaýjan gepleşikleriniň jemleri boýunça Prezident Wladimir Putin hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew metbugat ýygnagyny geçirdi.

Şol ýygnakda çykyş eden Wladimir Putin Bakuda rus-azerbaýjan uniwerstitetini döretmek mümkinçiligine seredilendigini belledi.

– Azerbaýjanyň Prezidenti bu başlangyjy goldady. Biz ony gysga wagtda durmuşa geçireris, diýip umyt edýärin. Bu taslama biziň tarapymyzdan Sankt-Peterburg döwlet uniwersiteti goşulmaga taýýar – diýip, Wladimir Putin belledi.

Rus Lideriniň aýtmagyna görä, Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 8 müňe golaý azerbaýjan talyby bilim alýar. Şolaryň 1 müňden gowragy Russiýanyň federal býujetiniň hasabyna talyp haky bilen okaýar.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew öz gezeginde iki ýurduň arasynda ynsanperwer ugrundaky hyzmatdaşlyga hemişe uly üns berilýändigini belläp, Azerbaýjanda rus dilinde bilim berýän 324 mekdebiň hereket edýändigini, olarda 160 müňden gowrak okuwçynyň bilim alýandygyny aýtdy.

Şeýle hem Aliýew 800 müňden gowrak okuwçynyň rus dilini ikinji dil hökmünde öwrenýändigini, Azerbaýjanyň 26 uniwersitetinde rus dili bölümleri hereket edip, olarda 15 müň talyp bilim alýandygyny belledi.

Azerbaýjan Lideriniň bellemegine görä, Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň hem-de Seçenow adyndaky lukmançylyk uniwerstietiniň şahamçalary Azerbaýjanda üstünlikli hereket edýär.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi

Halkara zenanlar güni: Türkmenistanyň we Eýranyň zenanlarynyň duşuşygy

Russiýa ABŞ-a täze ilçi belledi

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda halkara simpoziumyna gatnaşdy

4 ýurduň nebit kompaniýalarynyň özara hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri