DÜNÝÄ

Wladimir Putin Azerbaýjanda döwlet saparynda bolar

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Azerbaýjana döwlet sapary başlanýar. Kreml köşgüniň habar bermegine görä, bu sapar 18-19-njy awgust aralygynda bolar.

– Bakuda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşiklerde rus-azerbaýjan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Saparyň jemleri boýunça iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki beýanatynyň kabul edilmegine, şeýle hem hökümetara we beýleki resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Related posts

Türkmenistanda dostlukly döwletiň Baştutany hatyralandy

Angela Merkeliň hormatyna oýunjak aýylar ýasaldy

“Wikipediýa” täzelener