Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýe Respublikasynda saparda bolýar. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R. Meredow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu ýylyň 13-14-nji awgustynda Türkiýe Respublikasynda saparda bolýan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşar.
Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, energetika we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, şeýle hem sebitleýin hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.
Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny 5 milliard dollara ýetirmek, Hazar deňzi boýunça ulag geçelgelerinden netijeli peýdalanmak, türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa bazaryna ibermek boýunça degişli taslamalar boýunça pikir alşylar.
Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Türkmenistanda saparda bolup, türkmen tebigy gazyny ilkinji nobatda swap usuly bilen Türkiýä ibermek boýunça netijeli gepleşikler geçirdi.
Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda saparda bolupdy.
2023-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 2,6 milliard dollara ýetirildi.