SPORT

Gazagystan Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Mälim bolşy ýaly, şu günler Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde tomusky Olimpiýa oýunlary geçirilýär. Oňa dünýäniň 206 döwletinden türgenler we bosgunlar topary gatnaşýar.

“Pariž-2024” ady bilen atlandyrylýan Olimpiýa oýunlarynda Gazagystanyň türgeni Ýeldos Smetow dzýudoda erkekleriň arasynda 60 kilogram agramda çykyş edip, altyn medalyň eýesi boldy. Bu altyn medal Gazagystan Respublikasynyň taryhyndaky dzýudo sporty boýunça gazanylan ilkinji altyn medal boldy.

“Champ de Mars” sport toplumynda geçirilen tutluşyklarda gazak türgeni finalda fransiýaly garşydaşy Luka Mkheidzeni ýeňmegi başardy we öz ýurduna ilkinji altyn medaly gazandyrdy.

Bu kategoriýada ispan türgen Fanrsisko Garrigos we ýapon türgen Rýuju Nagaýama bürünç medal gazandy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler