BIZNES

“Zangilan” tankeri Türkmenistandan nebitiň ilkinji tapgyryny Azerbaýjana ýetirdi

“Zangilan” tankeri Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň Alaja portundan türkmen nebitiniň ilkinji tapgyryny Azerbaýjanyň Sangaçal terminalyna eltip, ilkinji gatnawyny amala aşyrdy diýip, ASCO kompaniýasynyň Metbugat gullugy habar berýär.

“Zangilan” Baku gämigurluşyk zawodynda gurlan dördünji azerbaýjan tankeridir. Öň ulanyşa girizilen “Laçyn” we “Kelbajar” tankerlerinden tapawutlylykda, “Zangilanda” we “Akademik Hoşbaht Ýusifzadede” diňe bir nebit däl, eýsem, himiýa önümlerini hem daşamak bolýar. Gäminiň tehniki görkezijileri oňa Hazar basseýniniň ýalpak portlaryna hem girmäge we ýükleri maksimal ýükläp alyp gitmäge mümkinçilik berýär.

“PortNýus” habarlar agentliginiň habar bermegine görä, “Zangilan” tankeri 2023-nji ýylyň maý aýynda suwa goýberildi we 2024-nji ýylyň iýulynda ulanyşa girizildi. Tankeriň uzynlygy 141 m, ini 16,9 m , beýikligi 6 m, dedweýt – 7875 tonna, tizligi 10 uzel, ekipažy – 15 adam. Gämide 6 sany ýük rezerwuarlary bolup, olaryň umumy sygymy 9212 metr kubdur.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy