2007-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen “Owaz” aýdym-saz radioýaýlymy açyldy. Bu ýaýlym 24 sagat halka hyzmat edip, aýdym-sazlar bilen birlikde ýurdumyzyň durmuşyndan söz açýan täzelikleri 3 dilde-türkmen, rus, iňlis dillerinde taýýarlap halka ýetirýär.
Türkmeniň aýdym-saz sungaty aňyrsy bärsi görünmeýän umman ýaly. Onuň içine näçe aralaşdygyňça täsin ruhy dünýäniň, gözelligiň, gudratyň şaýady bolýarsyň. Şol ruhy gymmatlyklary halka ýetirmek üçin gije-gündiz zähmet çekýän “Owaz” radioýaýlymynda jemi 5 bölüm hereket edýär. “Habarlar we terjime”, “Aýdym-saz”, “Şowhun”, “Köne güzer”, şeýle hem “Tolkuna goýberiş” bölümleri.
Her bölümde adyna laýyk gepleşikler we konsertler taýýarlanylýar we her sagatda üç dilde habarlar eşitdirilýär. Halk bilen ýakyn aragatnaşykda bolýan dürli mazmunly gepleşikler 17 ýyl töweregi hereket edýän “Owaz” radioýaýlymynda eşitdirilip gelinýär.
Şeýle hem ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda hereket edýän sanly ulgamdan bu ýaýlymyň hem çetde durmaýandygyny aýratyn bellemek gerek. Ýagny ýaýlymda birnäçe gysga belgiler bolup, her gepleşikde diýen ýaly ol gysga belgiler arkaly ildeşlerimiziň doglan günleri, aýdyma bolan islegleri, berilýän sowallaryň jogaplary kabul edilýär.
“Duýgular dünýäsi”, “Oýlanmalar ummany”, “Diňe söýgi hakynda”, “Gel, dutarym sözleşeli”, “Owazdan sowal”, “Muşdaklaryň bäslegi”, “Hoş owazly nagmalar”, “Ýaşlygymyň bahary” ýaly onlarça gepleşikdir konsertler halkyň köňül küýseglerinden orun aldy.
“Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da “Owaz” radioýaýlymy ýylyň şygary bilen bagly dürli gepleşijleri, söhbetdeşlikleri taýýarlap, halkyň gyzgyn söýgüsini gazandy.
Bägül Kakalyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.