DÜNÝÄ

600 million dollarlyk hindi toýy

Aziýa yklymynyň iň baý adamy Hindistanyň raýaty Mukeş Ambani kiçi ogly Anant Ambanini öýerdi. Hindistanyň taryhyndaky iň gymmat nika toýy amala aşyryldy. Mukeş Ambaniniň ogly Anant bilen onuň ýanýoldaşy Radika Merçantyň nika toýy üçin 600 million dollaryň sarp edilendigi bellenilýär.

Bu nika toýy birnäçe aýlap dowam etdi. Nika toýunyň özi bolsa, 14 müň adamyň gatnaşmagynda 3 gün dowam etdi. Oňa Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, britan syýasatçy Boris Jonson, Kardaşýan gyz doganlar, boksçy Maýk Taýson hem-de Bolliwudyň meşhur aktýordyr aktrisalary gatnaşdy.

Bu nika toýy üçin kiçijik şäherçe döredildi. Ol 100 müň gül hem-de 60 sany uly dürli haýwanlaryň heýkelleri oturdyldy. Bu şäherçäni bezemek üçin 3 hepde gerek boldy.

Anant Ambani Mukeş Ambaniniň 3 çagasynyň iň kiçisidir. Ol ABŞ-nyň meşhur Ýel uniwersitetini tamamlady. Onuň ýanýoldaşy Radika Marçant bolsa,  Nýu-Ýork uniwersitetiniň uçurymy, politolog diplomynyň eýesi we hindistanly milliarder “Encore Healthcare” kompaniýasynyň eýesi Wiren Merçantyň gyzydyr.

Anant Ambani we Radika Marçant häzirki wagtda kakalarynyň kompaniýalarynda ýolabşçy wezipelerde işleýärler.

Anant Ambaniniň kakasy Mukeş Ambani öz kakasyndan galan “Reliance Industries Limited” kompaniýasyna eýeçilik edýär.

Anant çagalygyndan bäri astma keselinden ejir çekýär. Ol bu kesele garşy göreşmek üçin kabul eden derman serişdeleriniň hasabyna yzygiderli semreýär we häzirki wagtda 200 kilograma bardy.

28 ýaşyndaky Aziýanyň iň baý adamynyň mirasdüşeri Anant tebigat bilen gyzyklanýar. Onuň pillere bolan söýgüsi has uludyr. Tebigatdaky ýabany haýwanlary goramak maksady bilen Jamnagar şäherinde 1,2 gektarda uly merkez döretdi.

 

Ýene-de okaň

Zenanlaryň 200-den gowragy «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe boldular

ÝB-niň ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Dünýäniň iň uly aýsbergi ýalpaklyga oturdy

Arkadag şäherine çenli uzap gidýän ýol “Ahalteke atlary” şaýoly diýlip atlandyrylar

Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi