SPORT

Fransiýa ýarym finalda, Ronaldo hoşlaşdy

Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda 1/4 finalyň duşuşyklary geçirilýär. Ilkinji ýarym finalçy Ispaniýa boldy. Ondan soňra Fransiýa Portugaliýany ýeňip, ikinji ýarym finalçy boldy.

Ispaniýa ýer eýeleri Germaniýany 2:1 hasabynda utupdy. Ikinji duşuşykda Kilian Mbappeli Fransiýa bilen Kristiano Ronaldoly Portugaliýa duşuşdy.

Duşuşygyň esasy wagty hem-de goşmaça 30 minuty 0:0 hasabynda tamamlandy. 11 metrlik jerime urgulary bellendi. Şonuň netijesine, Fransiýa Portugaliýany 5:3 hasabynda utdy.

Çempionatyň iň ýaşy uly futbolçylary Kristiano Ronaldo (39) we Pepe (41) çempionat bilen hoşlaşdy.

Ýewropanyň 2 gýçli topary Fransiýa bilen Ispaniýa ýarym finalda duşuşar.

Related posts

Ispaniýanyň Supekubogynyň finaly: 2026-njy ýylyň ilkinji “El-Klasikosy”

Ýewropa Ligasy: “Barselona”-“Galatasaraý” bilen duşuşar

Ýewropanyň iň güýçli derwezebany “PSŽ” toparyna geçdi