SPORT

Messiniň rekordy, Argentinanyň ynamly ýeňşi

ABŞ-da badalga alan Kopa Amerika kubogyny gazanmak ugrundaky futbol bäsleşiginiň ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu kubogy soňky gezek gazanan Lionel Messili Argentina bilen Kanada Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäherinde duşuşdy.

Duşuşyk 2:0 hasabynda Argentinanyň peýdasyna tamamlandy. Argentinanyň düzüminde Hulian Alwares hem-de Lautaro Martines tapawutlandy.

Argentinanyň ýyldyzy Lionel Messi Kopa Amerika ýaryşyynda 35-nji duşuşygyny geçirip, bu ugurda rekord goýdy. Mundan ozal, Çiliniň derwezeçisi Serhio Liwingston 34 duşuşyk geçiripdi.

Argentina we Kanada “A” toparçasynda çykyş edýär. Argentina nobatdaky duşuşygyny Çili bilen geçirer. Kanada bolsa, Peru bilen oýnar. Duşuşyklar 26-njy iýunda geçiriler.

Amerika yklymynyň iň uly futbol ýary’y bolan Kopa Amerika 15-nji iýulda badalga aldy. Bu yklymdaky 16 ýygyndy gatnaşýar. Duşuyklar Amerikanyň 14 şäherindäki 14 stadionda geçiriler.

Bu bäsleşigiň soňky çempiony Argentinadyr.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady