JEMGYÝET

Gazagystan Türkmenistana täze ilçi belledi

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň gol çeken kararyna laýyklykda, Nurlan Nogaýew Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti metbugta gullugy habar berýär.

1967-nji ýylda doglan Nurlan Nogaýew hünäri boýunça dag inženeri. Ol 2006-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary boýunça Moskwa döwlet institutyny tamamlady we işewürlik dolandyryşy boýunça magistr derejesiniň eýesidir.

Nurlan Nogaýew Gazagystanyň “KazMunaýGaz” milli kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory wezüipesinde işledi. Şeýle hem Gazagystanyň Energetika we mineral serişdeler ministrliginde zähmet çekdi.

2019-njy ýylyň 18-nji dekabryndan 2021-nji ýylyň 7-nji sentýabryna çenli Gazagystanyň energetika ministri wezipesinde işledi.

2021-nji ýylyň 7-nji sentýabryndan häzirki güne çenli Gazagystanyň Mangistau oblastynyň häkimi wezipesini ýerine ýetirdi.

Related posts

Migrasiýa : Bolýan ýerleri boýunça hasaba alynmagy

vepa

Ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan ulag babatda uly taslamalary durmuşa geçirýär