Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Koreýa Halk Demokratik Respublikasynda döwlet saparynda boldy. 24 ýyldan soňra bu ýurtda saparda bolýan Wladimir Putin bilen KHDR-iň Başlygy Kim Çen Yn iki döwletiň arasyndaky ähli ugurly strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi.
Bu täze şertnama Russiýa bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda 1961-nji, 2000-nji we 2001-nji ýyllarda gol çekilen şertnamalaryň oruntutary bolar.
Wladimir putin bu resminamany binýatlyk resminama hökmünde kabul edýändiklerini belläp, onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzakmöhletleýin ösdürmegiň geljekki ugurlarynyň esasyny düzýändigini belledi.
Wladimir Putin bilen Kim Çen Ynyň arasynda ikiçäk we hökümet wekilleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümdäki gepleşikler geçirildi.
Onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.