SPORT

“Boston” 18-nji gezek NBA-nyň çempiony boldy

ABŞ-nyň Milli basketbol assosiasiýasynyň çempiony belli boldy. 18-nji gezek bu çempionlygy “Boston” topary gazandy. “Boston” topary pleý-off tapgyrynyň 5-nji duşuşygynda “Dallas” toparyny 106:88 hasap bilen ýeňip, ýeňşini baýram etdi.

Çempion bolaan toparyň düzüminde Jeýson Teýtum 31 utuk jemläp, iň netijeli basketbolçy boldy. “Dallas” toparynda bolsa, Luka Donçiç netijeli oýunçylaryň biri boldy.

“Boston” topary NBA-da 18-nji gezek çempion bolup, “Los-Anželes Leýkers” toparyndan öňe saýlandy. “Boston” topary mundan ozal, 2008-nji ýylda çempion bolupdy.

“Boston” toparynyň baş tälimçisi 35 ýaşyndaky Jo Mazulladyr. Ol NBA-nyň taryhynda çempion bolan 6-njy ýaş tälimçidir.

NBA-nyň taryhynda toparyny çempion eden iň ýaş tälimçi Garri Jannetdir. Ol 1948-nji ýylda 30 ýaşynda wagty topary “Baltimor” NBA-nyň çempiony bolupdy.

Related posts

“Bawariýada” galarmy ýa-da “Çelsi” toparyna geçer

Ata Watan Eserleri

«Arkadag» topary bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazandy

Türkmen türgeniniň Meksikadaky üstünligi

Ata Watan Eserleri