DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Polşa hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişdi

Polşanyň paýtagty Warşawa şäherinde Türkmenistan bilen Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, polşa tarapyna bolsa, daşary işler ministriniň orunbasary Marek Prawda ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklar barada pikir alyşdylar. Türkmenistan-Polşa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga özara üns berýändiklerini tassykladylar.

Şol bir wagtyň özünde, söwda, ykdysady we durmuş ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge we hukuk binýadyny gowulandyrmaga ünsi jemläp, dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky özara ygrarlylyk tassyklandy. Türkmenistan bilen Polşanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edildi.

Duşuşygyň çäginde syýasy we diplomatik ugurda bilelikdäki işleri has-da güýçlendirmek maksady bilen 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistan we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi.

Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Demirýollary (OSJD) hyzmatdaşlyk guramasynyň başlygy Miroslaw Antonowiçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri