JEMGYÝETSPORT

17-nji Ýewropa futbol çempionaty başlaýar

Germaniýada geçirileýn 17-nji futbol boýunça Ýewropa çempionaty şu gün badalga alýar. Fubol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan Ýewropa çempionaty bir aý dowam eder.

Ýewropanyň 24 milli ýygyndysynyň gatnaşmagynda geçirilýän Ýewropa çempionatynyň final duuşygy 14-nji iýulda geçiriler.

Ýewropa çempionatynyň açylyş duşuşygy Aşgabat wagty bilen gije sagat 00:00-da Germaniýanyň Bawariýa şäherinde geçiriler. Onda ýer eýeleri Germaniýa bilen Şotlandiýanyň milli ýygyndylary duşuşar.

Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň meşhur “Allianz Arena” stadionyndaky duşuşyga 66 müň janköýer tomaşa eder. Millionlarça janköýer bolsa, bu çempionaty mawy ekrandan tomaşa etmek mümkinçiligine eýe bolar.

Çempionatyň ähli duşuşyklaryny Türkiýäniň “TRT” teleýaýlymy göni ýaýlymda alyp berer.

24 MILLI ÝYGYNDY WE 6 TOPARÇA

Ýewropa çempionatyna 24 ýurduň milli ýygyndysy gatnaşýar. Olar 6 toparça bäsleşer. toparçalardaky duşuşyklardan soňra her toparçadan 2 milli ýygyndy hem-de iň gowy netije görkezen 3-nji orny eýelän 4 milli ýygyndy soňky tapgyra çykar.

16 milli ýygyndy arasyndaky duşuşyklar utulan-çykdy görnüşinde dowam eder. 5-6-njy iýulda çempionatyň çärýek final, 9-10-njy iýulda bolsa, ýarym final duşuşyklary geçiriler.

14-nji iýulda bolsa, Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherindäki “Olimpik” stadionynda final duşuşygy geçirilip, Ýewropanyň çempiony belli bolar.

A toparça: Germaniýa, Şotlandiýa, Wengriýa we Şweýsariýa.

B toparça: Ispaniýa, Horwatiýa, italiýa we Albaniýa

Ç toparça: Sloweniýa, Daniýa, Serbiýa we Angliýa

D toparça: Polşa, Niderlandlar, Awstriýa we Fransiýa

E toparça: Belgiýa, Slowakiýa, Rumyniýa we Ukraina

F toparça: Türkiýä, Gruziýa, Portugaliýa we Çehiýa.

Çempionatda toparçalaryň duşuşyklary geçirilýän döwründe ilkibaşda her gün 3 duşuşyk, soňra 2 duşuşyk geçiriler. Duşuşyklar Aşgabat wagty bilen 18:00, 21:00 we 00:00-da başlar.

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi