BILIM

Türkmenistanyň uniwersitetleri “The Impact Rankings 2024” reýtingine girizildi

2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda dünýä belli “Times Higher Education” guramasy tarapyndan taýýarlanan “The Impact Rankings 2024” reýtingine Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleri girizildi. Bu sanawyň 12-nji iýunda, ýagny Türkmenistan döwletimiz bellenilip geçilen Ylymlar gününe gabat gelmegi hem özboluşly häsiýete eýe boldy.

Bu gezekki sanawda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty orun aldy.

Beýik Britaniýanyň meşhur “Times Higher Education” guramasy tarapyndan taýýarlanýan “Impact Rankings” sanawynda Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda uniwersitetleriň netijeliligine baha berilýär.

Reýtingiň netijeleri ýokary okuw mekdepleriniň bilim berşi, ylmy-barlag işleri, dolandyryş we maglumat-wagyz ediş işleri ýaly ugurlarda görkezýän netijelerine görä kesgitlenýär.

Bu reýting 2018-nji ýyldan bäri taýýarlanyp gelýär, halkara derejesinde uly meşhurlyga eýe boldy. Bu reýtinge girýän ýokary okuw mekdepleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýetirýän oňyn täsiri bahalandyrylýar.

“The Impact Rankings” reýtinginiň sanawy her geçen ýyl artýar, bu hem dünýädäki uniwersitetleriň aglabasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ygrarly bolup durýandyklaryny görkezýär.

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri : THE 2026 sanawy

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Times Higher Education”: dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň reýtingi-2026

Ata Watan Eserleri

Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň arasynda iň gowy sekizlige saýlandy

Türkmenistan-Katar: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Halkara olimpiadada medal gazanan okuwçylar sylaglandy