BIZNES

“Apple” ABŞ-nyň iň gymmat kompaniýasy boldy

Amerikanyň “Apple” kompaniýasy “Microsoft” we “Nvidia” kompaniýalaryndan öňe geçip, ýurduň iň gymmat kompaniýasy boldy. Bu barada “The Wall Street Journal” gazeti habar berýär.

Onuň maglumatyna görä, “Apple” kompaniýasynyň bazar bahasy 3.25 trillion dollara deň bolup, ABŞ-nyň iň gymmat kompaniýasyna öwürdi.

Soňky döwürde “Microsoft”, “Nvidia” we “Apple” ýaly kompaniýalaryň paýnamalaryň möçberi yzygiderli ýokarlandy.

Related posts

Türkmenistan-Gruziýa: sergileri we işewürlik forumlaryny guramak maslahatlaşyldy

Garaboğazkarbamid Tesisine Ödüller Verildi

vepa

Awstriýanyň kompaniýalarynyň Aşgabada sapary