JEMGYÝET

“Zenit” 5-nji gezek Russiýanyň kubogyny gazandy

Russiýanyň futbol çempionatynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçirildi. Futbol çempionatda çempion bolan “Zenit” topary finalda “Baltika” toparyny 2:1 hasabynda utup, 5-nji gezek Russiýanyň Kubogyny eýeledi.

Sergeý Semagyň şägirtleri bu gazanan üstünligi bilen “Spartak” toparyndan öňe saýlandy. “Zenit” topary 5-nji gezek Russiýanyň kubogyny gazanan bolsa, “Spartak” topary 4 gezek, SSKA topary 8 gezek bu kubogy eýeläpdi.

Russiýanyň Kubogyny iň köp gazanan topary 9 gezek arzyly kubogyň eýesi bolan “Lokomotiw” toparydyr.

“Zenit” toparyna kubogy getiren goly Gazagystanyň futbolçysy Nurali Alip öz adyna ýazdyrdy. Ol bu topardaky ilkinji goluny geçirdi.

Related posts

Nýu-Ýork ― dünýäsiniň tehnologiýa şäheri

vepa

Stambul metrosynyň täze ugurlary

Ata Watan Eserleri

Döwlet Baştutanymyz täze atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri