Häzirki wagtda Türkiýäniň Antalýa şherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 1-nji iýunda halkara ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Milli ýygyndymyzyň garşydaşy Grenlandiýanyň ýygyndy topary bolar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 26-njy maýdan 4-nji iýuna çenli aralykda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Bu ýygnanyşyk Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde 6-njy iýunda Özbegistanyň (Daşkent şäheri), 11-nji iýunda bolsa Gonkongyň (Aşgabat şäheri) ýygyndylary bilen geçiriljek duşuşyklara taýýarlygyň esasy tapgyryna öwrüler. Milli ýygyndy toparymyzyň Gonkongyň milli ýygyndysy bilen boljak duşuşygynyň “Aşgabat” stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys.
Saýlama tapgyrçasynda «E» toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy geçirilen duşuşyklarda bir utuk toplady. Bu toparçada Eýranyň hem-de Özbegistanyň milli ýygyndylary öňdeligi eýeleýärler.
