Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik öz işine başlady.
Halkara bäsleşige Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 250-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy. Has takygy, bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysyndan 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-a golaý magistrler we talyplar, şeýle hem Türkmenistanyň 22 sany ýokary okuw mekdebinden talyp ýaşlar gatnaşýarlar.
Ýurdumyzda bu bäsleşigiň ilkinji gezek geçirilmegi halkara gatnaşyklarynda strategiki meseleleri derňemek, taktiki meseleleri çözmekde talyplaryň bilimlerini çuňlaşdyrmak, ylmy-barlaglarda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak zerurlygyndan, şeýle hem ählumumy parahatçylyk ýörelgelerini giňden wagyz etmek işlerini geçirmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Bäsleşigiň açylyş dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň bilelikde taýýarlan baýramçylyk konserti bäsleşige gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Soňra bäsleşige gatnaşyjylar, degişli düzgünnama laýyklykda, halkara bäsleşigiň şahsy we toparlaýyn görnüşinde ýazuw-barlag işlerine we test sowallaryna jogap bermäge girişdiler. «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik maý aýynyň 25-ine çenli dowam edýär.