Angliýanyň “Çelsi” topary baş tälimçisi Maurisio Poçettinony wezipesinden boşatdy. Bu barada iňlis futbol toparynyň resmi saýty habar berýär.
Tälimçiniň wezipesinden boşadylmagy taraplaryň razyçylygy esasynda amala aşyryldy. Topar täze tälimçini wezipä belleýänçä, hiç hili teswir bermegi göz öňünde tutmaýar.
52 ýaşyndaky argentinaly 2023-nji ýylyň 1-nji iýulynda bu toparyň tälimçisi wezipesine bellenipdi. Onuň ýolbaşçylygyndaky “Çelsi” topary Angliýanyň milli çempionatynda 6-njy orny eýeledi.
Mundan ozal, Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” toparyna tälim beripdi. Ol Fransiýanyň çempionatynda işlän döwründe Fransiýanyň çempiony bolupdy, şeýle hem Fransiýanyň Kubogyny we Superkubogyny eýeläpdi.
