Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümet Baştutanynyň orunbasary Marat Husnullin bilen bilelikde ” Russia Halal Expo” sergisine aýlanyp gördi.
Tatarystanyň Baştutanynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, “Russia Halal Expo” sergisi “Russiýa-Yslam dünýäsi: Kazanforum” halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýär.

Bu sergi Russiýanyň sebitleriniň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň arasyndaky ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyga gönükdirilen Russiýanyň iň iri sergileriniň biridir. Bu sergä dünýäniň 11 döwletinden we Russiýanyň 17 sebitinden kompaniýalar gatnaşýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we myhmanlar Tatarystan Respublikasynyň pawilýonyna baryp gördüler. Bu ýerde Türkmenistan bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän “KAMAZ”, Kazan dikuçar zadowy, “KER-Holding” ýaly Tatarystanyň öňdebaryjy kompaniýalary hem-de kärhanalary öz önümlerini hödürleýär.
Bu serginiň çäklerinde Türkmenistan hem uly sergi diwarlygyny taýýarlady. Bu ýerde türkmen milli halylary we olary dokamagyň täsin tehnologiýasy barada hem giňişleýin maglumat berilýär. Myhmanlara 5 ýyl mundan ozal türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizilendigi barada gürrüň berildi. Şeýle hem myhmanlar türkmen önüm öndürijileriniň önümleriniň giň gerimi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Sergä iri halkara kompaniýalary, döwlet edaralary, iri banklar we maliýe institutlary gatnaşýarlar. Bu ýerde maýa goýum mümkinçilikleri tanyşdyrylýar, ikiçäk duşuşyklar guralýar. Işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen iri çäreler geçirilýär.
