Şu gün paýtagtymyz Aşgabadyň “Arçabil” myhmanhanasynda Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlaryň 10-njy mejlisi geçirildi. Onuň işine “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem gatnaşdy.
TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlaryň 10-njy mejlisine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, TÜRKSOÝ halkara guramasynyň baş sekretary Sultan Raýew, bu gurama agza döwletleriň – Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň jogapkär wekilleri gatnaşdy.
Duşuşygyň açylyş dabarasyndan ozal myhmanlar myhmanhanada ýaýbaňlandyrylan türkmen milli amaly-haşam sunagtynyň sergisine tomaşa etdiler. Soňra mejlisiň açylyş dabarasy geçirilip, ilkinji bilen TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlaryň 9-njy mejlisine başlyklyk eden Azerbaýjan döwletiniň wekili çykyş etdi we guramanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlaryň 10-njy mejlisiniň başlyklygynyň nyşanyny Türkmenistana gowşurdy.
TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlaryň 10-njy mejlisinde çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çykyşyny türk diline ýerine ýetirip, Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ hem-de Türkmenistan bilen ÝUNESKO guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada durup geçdi.
Daşary işler ministri Raşid Meredow bu forumyň türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda geçirilmeginiň özboluşly ähmiýetiniň bardygyny belläp, TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň “Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilendigini belledi.
Şeýle hem daşary işler ministri Raşid Meredow Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini belledi.
TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlaryň mejlisiniň geçirilmeginiň gurama agza döwletleriň arasynda milli gymmatlyklary, taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça giň hyzmatdaşlyklary ösdürmek babatda möhüm ähmiýete eýedigini belläp daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda medeni we taryhy gymmatlyklary goramak babatda möhüm başlangyçlary öňe sürendigini belledi.
Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň hem işjeň ösdürilýändigini belläp, 30 ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň netijesinde Türkmenistanyň ýokayr okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň, bölümleriniň açylandygyny, orta mekdepleriň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilendigini aýtdy.
TÜRKSOÝ halkara guramasynyň baş sekretary Sultan Raýew hem öz çykyşynda gurama agza döwletleriň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini ynandyrdy.
TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň 10-njy mejlisiniň bölümçelerde doam etdirildi. ÝUNESKO-nyň “Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky Konwensiýasyny” amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk etmek, ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Konwensiýasyny” durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek, ÝUNESKO-nyň çäginde ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, “Umumy Türki medeni mirasy boýunça Konwensiýasy ugrundaky hyzmatdaşlyk” ýaly bölümçeler geçirilip, olarda hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça çykyşlar edildi.