JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilýän “Russiýa-ylam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada Tatarystanyň Baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.

Kazan Kreml köşgünde geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Rustam Minnihanow türkmen halkynyň Milli Liderine Kazana gelmek baradaky çakylygyny kabul edendigi üçin hoşallygyny bildirdi.

Rustam Minnihanow Russiýada 20 milliona golaý musulmanyň ýaşaýandygyny belläp, “KazanForum” çäresine türkmen halkynyň Milli Lideriniň ozal hem gatnaşandygyny belledi.

– Siz bu halkara foruma gatnaşmak bilen dünýä jemgyýetçiligine özüňiziň gymmatly pikirleriňizi ýetirýärsiňiz – diýip, Minnihanow çykyşynda belledi.

Yslam döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň Russiýanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini bellän Minnihanow bu forumyň halkara jemgyýetçiligi üçin oňat meýdança bolup hyzmat edýändigini belledi.

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine Tatarystanyň hem goşandynyň uludygyny bellän Minnihanow Türkmenistanyň okgunly ösýän ýurtlaryň biridigini mälim etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem öz gezeginde şeýle iri halkara gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, onuň yslam döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmekde möhüm gural bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistan bilen Tatarystanyyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary köp sanly ugurlarda netijeli ösdürilýär. Nebitgaz, tebigy gazy daşamak, awtomobil, awiagurluşyk, gämi gurluşygy, energetika, himiýa önümleri, farmasewtika, lukmançylyk we azyk önümlerini üpjün etmek babatda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri