DÜNÝÄ

Azerbaýjan ilçisi Balkan welaýatyna baryp gördi

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow 2024-nji ýylyň maý aýynyň 13-14-i aralygynda iş sapary bilen Balkan welaýatynda boldy.

Saparyň dowamynda G.Gozalow Balkan welaýatynyň häkimi, Türkmenbaşy şäheriniň häkimi, “Türkmendeňizderýaýollary” gullugynyň başlygy, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň başlygy we “Balkan” gämi abatlaýyş kärhanasynyň müdiri bilen duşuşyp, porta we gämi abatlaýyş kärhanasyna baryp gördi.

Duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekdäki perspektiwalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklarda Türkmenbaşy portunyň iki ýurt arasyndaky deňiz ulaglary boýunça ähmiýeti, şeýle hem Hazar halkara ulag geçelgesiniň ösüşiniň ähmiýeti agzaldy.

Mundan başga-da, saparyň dowamynda G.Gozalow Balkan welaýatynda ýaşaýan Azerbaýjanyň raýatlary we watandaşlary bilen duşuşdy. Duşuşykda Ilçi Azerbaýjan döwletiniň daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryna berýän ähmiýeti we aladasy barada söhbet etdi, Azerbaýjanyň watandaşlarynyň tekliplerini, haýyşlaryny diňledi we özara pikir alyşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»