JEMGYÝET

Russiýanyň Premýer-ministri Mişustin Türkmenistana geler

Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň höükmet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň GDA ýurtlary boýunça bölümi habar berdi.

– 24-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Premýer-ministrler GDA-nyň çäklerindäki söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini, şol san-da energetika, ulag, ekologiýa, intellektual eýeçiligi goramak. medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar – diýip beýanatda bellenilýär.

Mişustiniň Aşgabada sapary onuň täzeden ýurduň hökümetiniň baştutany wezipesinden saýlanandan soňra ilkinji daşary ýurt saparynyň bolmagyna garaşylýar.

Related posts

Milli Liderimize Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasy gowşuryldy

Aziýa kubogy Hytaýda geçiriler

vepa

Aw möwsümi täze ýyla çenli ýapyk

Ata Watan Eserleri