SPORT

Türkmenistan geljegi uly boks ýurdy

Türkmenistan geljegi uly boks ýurdy bolmak bilen, boks boýunça geçiriljek Bütindünýä olimpiýa seçip alyş ýaryşynda Olimpiýa oýunlary üçin ilkinji ýollanmalary almagy maksat edinýär. Bu barada Aziýanyň Boks konfederasiýasynyň resmi saýtynda bellenilýär.

Türkmenistanyň iň gowy bokçsylary Tailandyň Bankgok şäherinde maý aýynyň içinde geçiriljek Olimpiýa oýunlary üçin 2-nji bütindünýä seçip alyş ýaryşyna gatnaşarlar. Olaryň arasynda Şükür Öwezow, Saparmyrat Ödäýew we Baýramdurdy Nurmuhammedow dagylar bar.

22 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň boks çempionatynda hem Türkmenistan 20 boksçy bilen wekilçilik edýär. Olaryň baş tälimçisi Tenilbek Jumakulow boks boýunça güýçli topary döretdi.

Türkmenistanyň Boks federasiýaysnyň baş sekretary Durdymämmet Kuljaýew hem boks sportunda ýokary netijeleri gazanmagy maksat edinýändiklerini belläp, daşary ýurtlardaky halkara ýaryşlara has köp türgenleri ibermek ugrunda tagalla edýändiklerini belledi.

ŞEýle hem ol ýakyn geljekde Aziýanyň çempionatyny gurnamak meýilleriniň bardygyny belläp, bu barada Aziýanyň Boks konfederasiýasy bilen gepleşikler geçirmegi meýilnamalaşdyrýandyklaryny aýtdy.

Geljek ýyl Türkmenistan boks boýunça iri halkara ýaryşy geçirmegi maksat edinýär.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady