Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şu ýylyň 16-njy maýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, bu halkara ähmiýetli çäräni ýokary derejede geçirmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Mejlisiň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanylyp, häzirki wagtda Jemleýji resminamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Bu resminamada mejlisiň netijeleri öz beýanyny tapar.
