DÜNÝÄ

Abu-Dabide XIII Halkara maýa goýum forumy geçirildi

2024-nji ýylyň 7-9-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabi şäherinde geçirilen XIII Halkara maýa goýum forumyna we sergisine gatnaşdy.

Bu uly göwrümli maýa goýum forumy her ýyl hökümet wekillerini, işewür ýolbaşçylary, maýadarlary, syýasatşynaslary, bilermenleri, şeýle hem pudagyň öňdebaryjylaryny we ählumumy meseleleri çözmäge, maýa goýumlaryny ösdürmäge hem-de dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegini çaltlandyrmaga gyzyklanma bildirýän taraplary ýygnaýar.

Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda  Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, BAE-niň wekiliýetleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ilerletmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, energiýa bazarlaryny ösdürmek, özara bähbitli iri taslamalara maýa goýumlaryny çekmek, iri ýataklarda öndürijiligi ýokarlandyrmak ugrundaky täze aragatnaşyk gurallary, şeýle-de ekologiýa taýdan arassa önümçiligi, innowasiýa tehnologiýalaryny we nou-haulary girizmek ýaly derwaýys meseleler ikitaraplaýyn duşuşyklaryň gün tertibine girizildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri