BILIM

Türkmen wekiliýeti “THE Aziýa baýragy- 2024” sammitine gatnaşdy

Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň “THE Aziýa baýragy-2024” sammiti 29-njy apreli 1-nji maý aralygynda üç günläp dowam etdi. Bu sammite THE Aziýa baýragy-2024 baýragyna dalaşgär uniwersitetleriň gysga sanawyna “Uniwersitede zehinli dalaşgärleri çekmek” ugry boýunça giren ýokary okuw mekdebi hökmünde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Malaýziýa iş saparynyň çäginde Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň sammitindäki birnäçe çykyşlara, pikir alyşmalara,  tegelek stollara we nusgalyk sapaklara gatnaşdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Malaýziýa iş saparynyň dowamynda Universiti Tenaga Nasional (UNITEN) uniwersitetinde geçirilen duşuşykda iki uniwersitetiň özara hyzmatdaşlygy, geljekde göz öňünde tutulýan meýilnamalar, alnyp baryljak ylmy-gözleg işleri barada maslahat edildi.

Şeýle hem “Gymmatlyklara esaslanýan jemgyýeti ösdürmegiň maksatnamasy: “Sunway Desa Mentari” jemgyýetçilik obserwatoriýasynyň mysalynda ýörite syýahat gurnalyp, Sunway uniwersitetiniň ýerine ýetirýän işleri bilen ýakyndan tanyşdyryldy.

Sammitiň gurnajy agzalary, beýleki Aziýa uniwersitetleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanmalarynyň uludygyny beýan etdiler

THE Aziýa baýaragy– THE (Times higher education) guramasy tarapyndan 2019-njy ýylda halkara derejesinde geçirilip başlandy we “Ýokary bilimiň Oskary” ady bilen tanalýar. Bu baýrak yklymyň ýokary derejeli öňegidişligini we toplumlaýyn netijeliligini ykrar edýän hem-de ýokary bilim berlişiniň hilini bahalandyrýan esasy halkara baýrakdyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriň arasynda ilkinji bolup bu sanawa girmegi başaran uniwersitetdir.

Ýene-de okaň

Gyrgyzystanda mugallymlar ilkinji gezek emeli aňy kömekçi hökmünde ulanarlar

Ylym-bilim ulgamyndaky halkara tejribeler

Ata Watan Eserleri

BAE-niň ilçisi Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuw sapagyny geçirdi

Türkmenistanda ýokary bilimi ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli strategiýasy işlenip düzülýär

Täsirli geçen aýdym-sazly iňlis dilindäki “açyk” sapagy

Ata Watan Eserleri

Şu ýyl Türkmenistanda 93 müňden gowrak okuwçy mekdep bilen hoşlaşýar