Şu gün Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde 3-nji halkara Daşkent maýa goýum forumy öz işine başlady. Onuň işine Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew gatnaşýar.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda badalga alan halkara foruma Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Singapuryň Parlamentiniň başlygy Sia Kian Peng, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlaygy Akylbek Žaparow, Saud Arabystanynyň energeitka ministri Abdulaziz bin Salman Al-Saud, Ýewropa Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Tatýana Molçan, OPEG halkara ösüş gaznasynyň ýolbaşçysy Abdulhamid Al-Halifa bilen bir hatarda dünýäniň 93 döwletinden wekiliýetler gatnaşýar.

Soňky üç ýylyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlangyjy bilen guralan halkara forum ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, iň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we olary çözmek üçin öňdebaryjy pikirleri we çemeleşmeleri ösdürmek üçin täsirli platforma öwrüldi.
Özbegistanda soňky ýyllarda 60 milliard dollardan gowrak daşary ýurt maýa goýumlary özleşdirildi. Halkara maliýe guramalaryndan 14 milliard dollardan gowrak serişde durmuş we infrastruktura ulgamlaryny ösdürmäge çekildi.
Bu forumda ýaşyl” ykdysadyýet, energika, bank-maliýe ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, ulag we sanly ulgam ýaly köp sanly ugurlarda özara pikir alyşmalary geçiriler.
Forumyň ilkinji gününde Özbegistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda, umumy bahasy 8,7 milliard dollar bolan 15 sany täze maýa goýum taslamasynyň, umumy bahasy 2,8 milliard dollar bolan 5 sany senagat desgasynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi.
