JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada Tatarystanyň Baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.

Tatarystanyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Liderini “Russiýa-yslam dünýäsi” strategik görüş toparynyň adyndan we hut öz adyndan türkmen halky üçin möhüm baýramçylyk bolan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady.

Şeýle hem myhman türkmen halkynyň Milli Liderine Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga berýän şahsy goldawlary üçin hoşallygyny bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Kazanda öňde boljak forumlar barada hem pikir alşyldy. Rustam Minnihanow Türkmenistanyň wekiliýetini “KazanForum” 15-nji ýubileý forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary