DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fransiýada, Paragwaýda we Braziliýada saparda bolar

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida 1-6-njy maý aralygynda Fransiýada, Paragwaýda we Braziliýada saparda bolar. Bu barada Ministerler Kabinetiniň Baş sekretary Ýesimasa Haýasi metbugat ýygnagynda habar berdi.

– Premýer-ministri Fumio Kisida Fransiýada, Paragwaýda we Braziliýada saparda bolar. Üstümizdäki ýylda Ýaponiýanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna agza bolanyna 60 ýyl dolýar. Şonuň üçin Kisida Fransiýada guramanyň ministrler duşuşygyna gatnaşar. Mundan başga-da, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen ýokary derejedäki duşuşyklary meýilleşdirildi –  Ýesimasa Haýasi belläp geçdi.

Soňra Premýer-ministri Fumio Kisida Paragwaý we Braziliýa sapara barar. Bu saparlar onuň 201-nji ýylda ýurduň hökümet başlygy wezipesine saýlanandan soňky ilkinji saparlary bolar.

Related posts

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisi Almatyda geçiriler

Marşal Abdul Raşid Dostum bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri