Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara TÜRKSOÝ halkara guramasy, Türkmenistanyň tarapyndan gurnalyp, ol guramanyň merkezi binasynda geçirildi.
Dabarada çykyş eden TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary Sultan Raýew kitaplaryň dünýä jemgyýetçiliginiň iň gymmatly hazynasy bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabaynyň Änew medeniýeti barada giňişleýin maglumat almaga giň mümkinçilik döredýändigini belledi.
Ol bu kitabyň sahypalaryny açmak bilen gadym türkmen taryhy, medeniýeti we edebiýaty barada gaýybana syýahata çykýandygyňa göz ýetirýändigini belledi.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi hormatly Prezidentimiziň bu kitabynyň Änew medeniýetiniň dünýä taryhyndaky ornuny has içgin görkezýändigini belledi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hünärmeni Agamyrat Baltaýew öz çykyşynda döwlet Baştutanymyzyň bu gymmatly eseriniň birnäçe dile terijem edilendigini we edilýändigini belläp, onuň halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlykda kitabyň ähmiýetini ulydygyny mälim etdi.
Dos.Dr. Berdi Saryýew hem öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň ähmiýetini belläp, bu gymmatly eseriň gysga wagtda türk diline terjime ediljekdigini belledi.
Şeýle hem tanyşdyrylyş çäresiniň dowamynda sergi hem guralyp, onda hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplary, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary görkezildi.
