JEMGYÝET

Angola Türkmenistana täze ilçi belledi

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Auguşto da Silwa Kunýadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Türkmenistan bilen Angola Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem parlament derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanylýan netijeleriň ähmiýetini bellediler.

Related posts

Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi: hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça maglumat

Bu ýylky «Brit baýraklaryna» tomaşaçylar goýberiler

Ata Watan Eserleri

Saýlaw-2022: halkara guramalaryndan synçylar çagyryldy

Ata Watan Eserleri